Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndylary Singapurda 3x3 basketbol boýunça Aziýa Kubogyna gatnaşar

14:2131.01.2025
0
20899

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary 26-30 martda Singapurda geçiriljek 3x3 basketbol boýunça Aziýa Kubogyna gatnaşarlar diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Gazetiň maglumatyna görä, 3x3 görnüşiTürkmenistanda barha meşhur bolup, ýurda birnäçe möhüm üstünlikleri getirdi. Geçen ýyl milli ýygyndy Fransiýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda üstünlikli çykyş edip, iki saýlama tapgyrdan geçdi we final tapgyrynda ynamlу ýeňişleri gazandy. Türkmen ýygyndysynyň kapitany Merdan Hojamedow aýratyn tapawutlandy we ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

2023-nji ýylda Katarda Günbatar Aziýa sebitiniň ýaşlaryň arasyndaky Milletler Ligasynda hem erkekler, hem zenanlar ýygyndylary kümüş medallary gazandylar. Şeýle hem, ýurduň zenanlar ýygyndysy 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen V Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynda bürünç medalyny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň