Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň baý adamlary bir günde 27 milliard dollar ýitirdi

09:5931.01.2025
0
16131
Dünýäniň iň baý adamlary bir günde 27 milliard dollar ýitirdi
Surat: regnum.ru

Milliarderler, dünýäniň iň baý adamlary ýitgi çekýärler. «Forbes» žurnalynyň ýazmagyna görä, 29-njy ýanwarda olaryň umumy emlägi birža söwdalaşyklarynyň netijeleri esasynda 27 mlrd dollara golaý azaldy. Bu barada «Regnum» neşiri habar berdi.

Hünärmenler girdejileriň peselmegine birža söwdalaşyklarda tehnologik we lýuks ulgamlarda paýnamalaryň hümmetini ýitirmeginiň sebäp bolandygyny nygtaýarlar.

«Moët Hennessy — Louis Vuitton» (LVMH) kompaniýalar toparynyň baş direktory Bernar Arnonyň we onuň maşgalasynyň iň köp ýitgi çekendigi aýdylýar. Ýagny ol «Euronext Paris» biržasy açylanda, bir günde 9,3 mlrd dollaryny ýitirdi. Netijede, Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda bäşinji orna düşdi.

Iň köp ýitgi çeken baý adamlaryň sanawynda ikinji orunda milliarder Ilon Mask, üçünji orunda «Nvidia» grafiki prosessorlary öndürýän kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri Jensen Huan ýerleşdi.

Işewür Ilon Mask 400 mlrd dollarlyk sap maliýe emlägi bilen dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň