Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Norwegiýa tutuşlygyna elektrik ulaglaryna geçip biler

17:1030.01.2025
0
19764
Norwegiýa tutuşlygyna elektrik ulaglaryna geçip biler
Surat: report.az

Norwegiýa benzin we dizel ýangyjynda işleýän awtoulaglar bazardan çykarylan dünýäde ilkinji ýurt bolup biler. Bu barada CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «Report» ýazýar.

Uly nebitgaz gorlarynyň bardygyna garamazdan, Norwegiýa köpden bäri täze ýangyç çeşmelerinde işleýän ulaglary ornaşdyrmakda dünýäde öňdäki orny eýeläp gelýär. Bu ýurtda elektrik ulaglaryň täze awtoulaglaryň satuwyndaky paýy geçen ýyl 88,9 göterimi düzdi, bu ýagdaý ýene-de işjeň dowam eder diýlip, habarda aýdylýar.

Ýurduň Jemgyýetçilik ýollary edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ilkinji hepdelerinde ýurtda satylan ulaglaryň 96 göterimini elektrik ulaglar düzdi.

Norwegiýada elektrik ulaglary ýol we duralga salgytlary boýunça ýeňilliklerden peýdalanýarlar, şeýle-de olara jemgyýetçilik ulaglar üçin bellenen ýol zolaklaryndan hereket etmäge rusgat berilýär. Galyberse-de, ýurduň Hökümeti elektrik ulaglaryna güýç bermek üçin infrastrukturany ösdürmeklige köp maýa goýdy. Norwegiýanyň ulag ministriniň orunbasary Sesiliýa Knibe Kroglundyň sözlerine görä, 2025-nji ýylda ýurtda şäher awtobuslaryny tutuşlygyna elektrik awtobuslara çalyşmak maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň