Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:4130.01.2025
0
25296

Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy, Türkmenistandan mugallym Beýik Britaniýada öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini öwrendi, Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025-de ekologiýa maksatnamasyny tanyşdyrar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynaysbetli geçiriljek foruma çagyrdy. Sadyr Žaparow hem, öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Liderini islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

2. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýadan mugallymlar topary bilen bilelikde Norwiç şäherine okuw saparyna gitdi. Bu sapar Britan Geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak, iňlis dili we medeniýeti barada bilimleri çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy.

3. 23-24-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler. Bu forumda esasy çykyş edijileriň biri Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary Asuko Hirose bolar. Ol forumyň bäşinji mejlisinde çykyş eder. Bu mejlisde esasy üns metan we CO₂ zyňyndylaryny azaltmak strategiýalaryna, şeýle hem energetika pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdiriler.

4. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk bilim ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlandy. Iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda okuw maksatnamalaryny ösdürmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti barada nygtaldy.

Dünýäde

5. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkentde ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine baryp, bu ýerde onuň doglan güni mynasybetli ýadygärlige gül dessesini goýdy. Hatyra çäreleri Islam Karimowyň jaýlanan ýeri bolan Samarkantda hem-de Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň ozal sebitiň ýolbaşçysy bolup işlän ýeri Karşide geçirildi.

6. 29-njy ýanwarda agşam Waşingtonyň Reýgan adyndaky Milli howa menziliniň golaýynda asmanda ýolagçy uçary we harby dikuçar çaknyşdy. «American Airlines» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň «Black Hawk» harby dikuçary bilen çaknyşdy, bu bolsa olaryň ikisiniň hem heläkçiligine sebäp boldy. Ýolagçy uçarynda jemi 64 adam, ýagny 60 ýolagçy we ekipažyň dört agzasy bardy. Okuw uçuşyny amala aşyrýan harby dikuçarda üç harby gullukçy bardy. Häzirki wagtda diri galanlar ýüze çykarylmady.

Sport täzelikleri

7. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti «Xplori» halkara tehnologiýa kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk türkmen türgenlerine eSIM tehnologiýasy arkaly dünýäniň 73 ýurdunda aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün eder. Baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň sport jemgyýetiniň agzalary tkmsport promo-kody arkaly ýörite nyrhnamalara we bonus tekliplerine elýeterlilik alarlar. Ýurduň sport wekiliýetleri we milli federasiýalary üçin hem aýratyn şertler hereket eder.

8. Ýaş türkmenistanly türgen Sülgün Işangulyýewa Dubaýda geçirilen «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşynda U11 ýaş derejesinde garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýman ýeňiş gazanmagy başardy. Final duşuşygynda ol 6:2, 6:1 hasaby bilen Gruziýanyň tennisçisinden üstün çykdy. Ýeňiş ýolunda Işangulyýewa Alžiŕiň, BAE-niň, Russiýa-nyň we Gazagystanyň türgenlerini yzygiderli ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň