Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) ýurduň ykdysadyýetiniň hususy pudagyny ösdürmekde esasy orny eýeleýär, şeýle hem işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge, telekeçileri goldamaga we maýa goýumlaryny çekmäge işjeň ýardam berýär. Bu ugruň nobatdaky tassyknamasy hökmünde TSTB-niň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» (IFT 2025) atly ýurdumyzyň hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda geçiriler.
Bu giň möçberli çäre maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirmäge gönükdirilendir. Forum häzirki ykdysady ösüşleri ara alyp maslahatlaşmak, maýa goýumlaryny çekmek we işewürlik aragatnaşyklaryny giňeltmek üçin esasy meýdança bolar.
Forumyň çäklerinde aşakdakylar geçiriler:
• Öňdebaryjy ykdysatçylaryň, işewürligiň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda foruma gatnaşyjylaryň öňünde ara alyp maslahatlaşmalar;
• Ulag, senagat, oba hojalygy we IT ýaly esasy pudaklarda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy bolar, ol ýerde türkmen kompaniýalary öz maýa goýum taslamalaryny görkezerler.
• Halkara işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berjek networking sessiýalary geçiriler.
Maýa goýum taslamasyny çap etmek üçin ony 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan gijä galman, ony TSTB-niň mailto:tstb.halkara@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli ýa-da ylalaşmak üçin 21-24-06 telefon belgisine jaň etmeli.
Hasaba alyş ift.com.tm saýtynda elýeterlidir.