Dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan «Turkish Airlines» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny satuw ofisiniň amatly hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar. G. Kuliýew köçesiniň 39-njy jaýynda, «Ussat» binasynda ýerleşýän bu ofis awiabiletleri bronlamak we syýahaty guramak boýunça hyzmatlaryň toplumyny hödürleýär.
Ofisiň işgärleri size iň amatly ugry saýlamaga, uçuşyň senesini saýlamaga we biletleri bronlamaga kömek etmäge hemişe taýýardyr. Şeýle hem olar uçardaky ornuňyzy saýlamak, bortda ýörite nahar sargyt etmek we goş-golam daşamak ýaly goşmaça hyzmatlary resmileşdirmekde size kömek ederler.
Amatly uçuşlar we elýeterli bahalar
«Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 uçuş amala aşyrmak bilen, ýolagçylar üçin iki ýurduň arasynda yzygiderli we ygtybarly howa gatnawyny üpjün edýär.
Awiakompaniýa uçuşlary üçin elýeterli nyrhlary hödürleýär. Şeýlelikde, ekonom synpda Aşgabatdan Stambula we yzyna uçuşyň bahasy 498 ABŞ dollaryndan başlaýar. Bir tarapa syýahat edýän ýolagçylar üçin ýörite nyrhlar hereket edýär: Aşgabatdan Stambula nyrhlar 302 ABŞ dollaryndan we yzyna uçuşda 388 ABŞ dollaryndan başlaýar. Ýokary derejeli rahatlygy makul bilýänler üçin iki tarapa 1250 ABŞ dollaryndan başlaýan bahadan biznes synp biletleri hödürlenýär.
Stambul arkaly üstaşyr mümkinçilikler
Stambul dünýäniň iň uly awiasiýa merkezleriniň biri hökmünde «Turkish Airlines-iň» ýolagçylaryna dünýäniň dürli künjeklerine üstaşyr uçuşlar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Syýahatçylar Ýewropa, Aziýa, Afrika we Amerika uçuşlara aňsatlyk bilen birigip bilýärler.
Goşmaça maglumat almak we biletleri bronlamak üçin «Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz:
- salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon: (+993 61) 01 44 33.
«Turkish Airlines» bilen rahat we girdejili uçuň!