29-njy ýanwarda Monako Knýazlygynyň hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi M.Çaryýew Monakonyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministrliginiň diplomatik we konsullyk bölüminiň müdiri Mari-Katrin Karuso-Rawera bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar dürli ugurlardaky özara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Knýazlygyň wekilleri türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako şäherine saparynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşan goşandyny bellediler. Duşuşykda Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi barada hem bellenilip geçildi.
Duşuşykda taraplar «Parahatçylyk we sport gaznasy» bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, Türkmenistanyň gaznanyň ýakyn wagtda boljak çärelerine gatnaşmagy we bilelikdäki başlangyçlar barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki tarap hem haýyr-sahawat, jemgyýetçilik goldawy we çagalara kömek bermek maksatnamalaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem anyk başlangyçlar boýunça bilelikde işleşmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.