Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri 2025-nji ýylda AFET-nim başlygy bilen möhüm wakalara taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

13:4730.01.2025
0
13071
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri 2025-nji ýylda AFET-nim başlygy bilen möhüm wakalara taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: newscentralasia.net

Brýussel şährinde Belgiýada akkreditlenen Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň ilçileriniň başlangyjy bilen Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň (AFET) başlygy Deýwid Makkallister bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «nCa» habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar esasy çärelere taýýarlyk, şol sanda, Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň 6-njy duşuşygy, 20-nji ÝB-Merkezi Aziýa ministrler duşuşygy, 2025-nji ýylyň ýazynda Özbegistanda geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa sammit barada pikir alyşdylar.

Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Iosif Sikelanyň ýakyn wagtda boljak sapary barada hem durlup geçildi.

AFET-niň başlygy ÝB-Merkezi Aziýa sammitiniň ähmiýetine ünsi çekdi we Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleri bilen doly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň ornuna aýratyn üns berildi.

D.Makkallister halkara gün tertibi, ykdysadyýet we howpsuzlyk nukdaýnazaryndan Merkezi Aziýanyň ähmiýetini belläp, sebitdäki ýurtlaryň parlament komitetleri bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitdäki ýurtlar bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kömek edýän «Merkezi Aziýa +» görnüşindäki duşuşyklaryň netijeliligini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň