Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýanyň, Ysraýylyň we Jibutiniň ilçileri Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna bardylar

13:3930.01.2025
0
13830

Finlýandiýanyň ilçisi M.Liiwalu, Ysraýylyň ilçisi S.Galperin we Jibouti Respublikasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili H.S.Mussa Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna sypaýyçylyk sapary bilen bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyklaryň dowamynda diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berip, halkara hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurtly diplomatlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy, ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan başlangyjy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy hem-de ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hem pikir alşyldy. Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegine garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň