Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda agramy bir tonnadan geçýän skat balygyny tutdylar

16:5629.01.2025
0
17984
Hindistanda agramy bir tonnadan geçýän skat balygyny tutdylar
Surat: mir24.tv

Hindistanyň kenarýaka Periýathalaý obasynyň ýaşaýjysy Jozef we onuň ýoldaşlary skat balygynyň manta diýilýän mähnet görnüşini tutdular. Balygyň agramy 1080 kilogramdan geçýär diýip, «The New Indian Express» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Balyk kenardan 18,5 kilometrlikde tora düşdi, göwrüminiň uludygy sebäpli ol gämä sygmady, balykçylar ony gämi bilen süýräp kenara çykardylar.

Ýerli ýaşaýjylar öň şeýle uly skat balygyna duş gelmändiklerini gürrüň berýärler. Balyk auksionda 56 müň rupiýa satyldy.

Manta skat balyklarynyň iň iri görnüşleriniň biridir, ol tropiki we subtropiki deňizlerde ýaşaýar. Onuň has irileriniň agramy üç tonna ýetip bilýär. Skatlar adamlar üçin howpsuzdyr diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň