Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda medeni çäre guraldy

15:4429.01.2025
0
15823
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda medeni çäre guraldy
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda medeni çäre geçirildi. Oňa ýewropaly medeniýet işgärleri, sungatyň taryhyny öwrenijiler we alymlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu çäre Sablon galereýa etrabynda «Civilizations Winter Edition» taslamasynyň çäginde geçirilen türkmen medeniýetiniň sergisiniň ajaýyp jemlemesi boldy. Medeni çärede Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow çykyş edip, bu wakanyň özboluşly ähmiýete eýedigini belledi. Ilçiniň bellemegine görä, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary ilkinji gezek Sablon ýaly abraýly ýerde görkezilişe çykaryldy. Munuň özi Ýewropada türkmen medeniýetine bolan gyzyklanmany artdyrmak üçin möhüm ädimdir.

Mundan başga-da, türkmen diplomaty «European Central Asian Creative Alliance» döredijilik bileleşiginiň direktory Ýelena Haritonowa halkara jemgyýetçiligi türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçi serginiň tamamlanandygyna garamazdan, onuň Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasyna «hereket edýändigini» nygtady. Çünki sergide görkezilen eksponatlaryň köpüsi indi ilçihananyň diwarlaryny bezär we şol ýerde türkmen medeniýeti barada gürrüň bermegi dowam eder. Ilçihananyň gapylary türkmen medeniýeti bilen gyzyklanýanlar üçin elmydama açykdyr.

Medeni çäräniň esasy pursatlarynyň biri «Art Studio Keşdäniň» esaslandyryjysy Şeker Akiniýazowa tarapyndan edilen çykyş boldy. Ol türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň özboluşlylygy, taryhy ähmiýeti we dünýä medeniýetindäki orny barada gürrüň berdi. Myhmanlar göreni haýrana goýýan milli halylar, dokma önümleri we lybaslardyr şaý-sepler baradaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň