Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýadan gelen mugallymlar topary bilen bilelikde öz hünärini ýokarlandyrmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen Angliýanyň Norwiç şäherine okuw saparyna gitdi. Bu barada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «Turkmenportala» habar berdi.
Bu okuw sapary Beýik Britaniýanyň geňeşiniň AELLCA maksatnamasynyň çäginde guraldy.
Maksatnamanyň çäginde AELLCA maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän meşhur dil mekdebi bolaт Nile mekdebine (Norfolk halkara dil tejribesi) sapar guraldy. Mekdepde Merkezi Aziýanyň mugallymlary Angliýada bilimiň gurluşy bilen tanyşmaga gönükdirilen birnäçe işjeň seminarlara we ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.
Şeýle-de topar Norwiçdäki birnäçe mekdeplerde we bilim edaralarynda boldy. Merkezi Aziýanyň mugallymlary beýleki mekdep dersleri bilen bir hatarda iňlis dili sapaklaryny synlamaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Mekdeplere baryp görmek iňlisleriň pedagogiki usullaryny, okuw prosesini guramaga bolan çemeleşmeleri we okuwçylar bilen işleşmegiň usullaryny öwrenmekde gymmatly tejribe boldy.
Wekiliýetiň iňlis kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda tehnologiýanyň bilim prosesine girizilmegi, okatmagyň usullarynyň dürlüligi we goşulyşmagy ýaly bilim tejribesiniň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.