Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13:3229.01.2025
0
17664

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäre ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň we Astrahan oblastynda okaýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Çykyş edenler bu kitabyň şahyryň mirasyny we onuň ynsanperwerlik pikirleriniň wagyz-nesihat edilmegine goşýan goşandynyň ähmiýetini açyp görkezýändigini nygtadylar.

Magtymguly Pyragynyň durmuşyny we döredijiligini, onuň filosofiýasyny hem-de türkmen medeniýetine we dünýä edebiýatyna eden täsirini öwrenmekde bu neşiriň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň