Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Gazagystanyň Döwlet dolandyryş akademiýasynyň rektory bilen duşuşdy

10:3229.01.2025
0
11970
Türkmen diplomaty Gazagystanyň Döwlet dolandyryş akademiýasynyň rektory bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi B.Rejepow Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň rektory Ýerlan Abil bilen duşuşdy.

Duşuşykda akademiýa bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ylym-bilim maksatnamalary we tejribe alyşmak babatda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, Halkara gatnaşyklary instituty bilen akademiýanyň arasynda ikitaraplaýyn saparlary guramak, akademiýanyň magistrleriniň we doktorantlarynyň gatnaşmagynda tegelek stollary we maslahatlary geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşykdan soň akademiýada umumy sapalary guramak hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde «Türkmenistan — Gazagystan strategiki hyzmatdaşlygy» mowzugy boýunça bäsleşik yglan etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň