Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Katmer» kafesi: şanly wakalar üçin ýakymly gurşaw

12:2528.01.2025
0
20139

Aşgabatdaky «Katmer» kafesi şäheriň ýaşaýjylaryny doglan günlerini amatly gurşawda bellemäge çagyrýar.

«Biziň kafemiz maşgala baýramçylyklary we dostlar bilen duşuşyklar üçin amatly ýerdir. Biz her bir myhman üçin aýratyn gurşaw döredip, olaryň baýramçylygynyň ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýäris» diýip, kafeniň dolandyryjysy belleýär.

Kafeniň menýusynda künefe we katmer ýaly nusgawy türk süýjülikleri, şeýle hem doýuryjy esasy tagamlar – kebaplar, pide we etli naharlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Kafeniň giň zaly kiçi toparlaryň hem, köp sanly myhmanlaryň hem amatly ýerleşmegine mümkinçilik berýär. Ussat hünärmenler hyzmatyň ýokary hilini üpjün edýärler we dabara guralanda myhmanlaryň ähli isleglerini göz öňünde tutmaga taýýardyrlar.

Baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ýerleri öňünden bronlamak mümkinçiligi telefon arkaly ýa-da kafe gelmek esasynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Ankara köç., 19 (ozalky Ýubileýnaýa);
  • telefon (+993 63) 24 99 44;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň