Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ÇaparPay»: çapary çagyrmagyň iň ýeňil usuly

10:3828.01.2025
0
17915

«ÇaparPay» ykjam programmasynda ulanyjylaryň durmuşyny has ýeňilleşdirjek täze mümkinçilik peýda boldy. Indi ykjam programma arkaly «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň çaparyny ýeňillik bilen çagyrmak mümkindir.

Bu täzelenme Türkmenistanda sanly hyzmatlary ösdürmek boýunça möhüm ädimdir we raýatlar üçin amatlylygy ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýar. «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatynyň «ÇaparPay-a» birikdirilmegi ulanyjylara wagt tygşytlamaga, poçta ýollamalaryny ibermegi we kabul etmegi has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Çapary çagyrmak prosesi mümkin boldugyça aňsatlaşdyryldy: ulanyjy diňe ýollamanyň iberiljek salgysyny, çaparyň gelmeli wagtyny we habarlaşmak üçin maglumatlaryny görkezmegi ýeterlikdir. Çapar ýollamaňyzy kabul eder, resminamalary doldurmaga kömek eder, bukjany gaplar we yzarlaýyş belgisi bilen kwitansiýa berer.

«ÇaparPay» ykjam programmasy arkaly ýakynlaryňyza sowgat iberiň, resminamalaryň ýa-da harytlaryň getirilmegini ýola goýuň!

Çapar çagyrmak ýa-da hyzmat barada goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 92 14 95, (+993 12) 93 14 91.

Ykjam programma «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň