Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

22:5727.01.2025
0
18632
Türkmenistanyň Prezidenti ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçylar üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Hasabatlarda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, oňa toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli we netijeli alyp barmak üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýerine ýetirilýän möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamak, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin degişli işleri geçirip durmagy, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň