Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda meşhur şotland şahyry Robert Bernsiň doglan güni mynasybetli «Ghillie Dhu» atly şotland folklor toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Keýli» atly medeni çäre geçirildi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabaranyň başynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon türkmen-britan gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýän Prezident Serdar Berdimuhamedowa şu günki çäräni geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin sagbolsun aýtdy. Soňra Robert Bernsiň ömri we döredijiligi, onuň doglan gününiň halkara derejede bellenilip geçilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Dabarada şahyryň birnäçe goşgusy çeper heňde labyzly okaldy. Çeper söze, şahyrana pikirlere uly hormat goýýan adamlary bir ýere jemlän, edebi gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen guralan çäre şotland halkynyň milli tagamlarynyň hödür edilmegi we aýdym-sazly tans dessurlary bilen dowam etdi.
Ilki bilen, bu ýere ýygnananlara haggis milli tagamy hödürlenildi. Aýtmaklaryna görä, ol Robert Bernsiň iň söýgüli nahary bolupdyr. Ussat oňa bagyşlap oda hem ýazypdyr. Tagam myhmanlara äberilende şol eseri okamak şu baýramçylygyň özboluşly dessuryna öwrülipdir.
Soňra «kilt» atly milli şotland lybasyndaky sazandalar göwün göteriji sazlar bilen myhmanlary keýli tansyna çagyrdylar. Keýli şotlandlaryň milli tans dessurydyr. Asyl, şu günki çäräniň ady hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Ajaýyp edebi agşam ähli myhmanlaryň ruhuny galkyndyrdy, olary şotland medeniýetiniň gözellikleri bilen tanyşdyryp, çeper sözüň, şahyrana oýlanmalaryň üsti bilen ýürekleri ýylatdy, ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döretdi diýlip, habarda bellenilýär.
Robert Berns 1759 — 1796-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik söz ussadydyr. Türkmen halkynyň Magtymgulusy ýaly, ol hem şotlandlaryň milli buýsanjy hasaplanýar. Onuň döreden eserleri döwürdeşlerini we özünden soňky nesilleri watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ahlak gözelligine ruhlandyrypdyr. Şahyr garyp daýhan maşgalasynda doglup, sada, zähmetkeş adamlaryň durmuşyndan söz açýan şygyrlary, poemalary, odalary döredipdir.
Bernsiň sözlerine döredilen «Auld Lang Syne» aýdymy dünýä halklarynyň arasynda giň meşhurlyk gazanyp, ol birnäçe ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň bezegidir. Şahyryň «Meniň ýüregim daglarda» atly goşgusy bolsa türkmen okyjylarynyň arasynda-da söýlüp okalýar. Ony XX asyrda tanymal türkmen edebiýatçy alymy Durdymuhammet Nuralyýew türkmen diline terjime edipdir.