Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi

20:1426.01.2025
0
15525

Aşgabatda aýal-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň ýaryşy geçirildi. 19-njy ýanwardan 25-nji ýanwara çenli 48 küştçi milli çempionatyň ýokary ligasyna ýollanma almak üçin bäsleşdiler – diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenabatdan 17 ýaşly Gülmira Seýilhanowa ýaryşyň ýeňijisi boldy, ol mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplady. Ikinji orny 8 utuk toplan, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça yza galan Bägül Ezizowa eýeledi. Üçünji orna bolsa 7,5 utuk bilen Ogulsuraý Baýrambaýewa mynasyp boldy.

Ýaryşa gatnaşan 10 ýaşly Aýa Baýramowa aýratyn üns berilmäge mynasypdyr, çünki ol diňe bir ýokary liga geçmek bilen çäklenmän, eýsem 10 ýaşly gyzlaryň arasynda dünýä çempionatynda rapid boýunça bürünç medal gazanmagy başardy.

Ýurduň iň güýçli 12 küştçisinyň gatnaşmagyndaky baş ýaryş 9-njy fewraldan 20-nji fewrala çenli geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň