Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlandy

11:0425.01.2025
0
17760

Wise-premýer H.Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan”, 2025-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, mundan beýläk-de döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurda maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň bellenilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar getirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň