Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Günbatar Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

10:2325.01.2025
0
23924

Türkmenistanyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp ulanmaga berildi.

"Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiriniň habar bermegine görä, açylyş dabarasyna Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri, harby gullukçylar, talyp ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary bina etdiler. Onuň açylyş dabarasynyň dowamynda hem aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bu ýerde täze öýleriň eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleriň otaglaryna aýlanyp gördüler we döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň