ABŞ-da kazyýet pilleriň adam däldigi barada höküm çykardy. Bu barada ýurduň «NBC News» teleýaýlymyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.
Kolorado ştatynyň kazysynyň çykaran karary haýwanlary goramak boýunça «Nonhuman Rights Project» guramasy tarapyndan başy başlanan uly jedele nokat goýdy. Ýagny haýwanlary goraýjylaryň pikiriçe, Kolorado-Springsdäki Şaýenn-Mauntin haýwanat bagyndaky Missi, Kimba, Laki, Lulu we Jambo atly afrikan pilleriniň saklanyş şertleri türme şertlerinden tapawutlanmaýar. Emma pilleriň ösen aňy we sosial tebigaty olar üçin has laýyk şertleri talap edýär.
Ştatyň Ýokary kazyýeti öz höküminde meseläniň pilleriň hukuk derejesinde jemlenýändigini görkezdi. Haýwanlaryň adam däldigi sebäpli olar adamlar üçin niýetlenen ýuridik düzgünler boýunça azatlyga goýberilmegini talap etmäge hukukly däldirler.
Guramanyň agzalary kazyýetiň çykaran hökümi bilen ylalaşmaýarlar we göreşi dowam etmekçi diýlip, habarda bellenýär.