Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Russiýa Federasiýasy we Belarus Respublikasy boýunça sebit wekiliýeti F.F. Martens adyndaky XXVI Halkara ynsanperwer hukugy boýunça talyplaryň toparlarynyň arasyndaky bäsleşigiň geçiriljekdigini yglan etdi.
2025-nji ýylda bäsleşik 21-25-nji aprel aralygynda Moskwada geçiriler.
Gatnaşmak isleýän talyplaryň toparlarynyň arzalary 21 fewrala çenli mailto:mos_ihl_events_mailbox@icrc.org salgysy boýunça kabul edilýär.
Topar bir ýokary okuw mekdebiniň 3 talybyndan ybarat bolup, ozal bäsleşige gatnaşmadyk bolmalydyr. Toparlar ýazuw işiniň netijeleri boýunça saýlanyp alynýar. Saýlama bäsleşigiň tabşyrygy we onuň şertleri baradaky doly maglumatlar bäsleşigiň düzgünnamasynda elýeterlidir. Ähli tabşyrylýan resminamalar bäsleşigiň düzgünnamasynda bellenen talaplara laýyklykda taýýarlanmalydyr we iberilmelidir.
HGHK guramasy saýlama bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşjak toparlaryň iki görnüşi kesgitlär:
• Çykdajylary bäsleşigi guraýjylaryň hasabyna tölenjek toparlary (ulag harajatlary, şeýle hem bäsleşigiň geçirilýän döwri üçin ýaşaýyş we naharlanma çykdajylary);
• Çykdajylary bäsleşigi guraýjylaryň hasabyna tölenmejek toparlar (ulag harajatlary, şeýle hem bäsleşigiň geçirilýän döwri üçin ýaşaýyş we naharlanma çykdajylary).
HGHK guramasy ähli gatnaşyjylaryň Moskwadaky wekiliýetiniň edarasyndan bäsleşigiň geçirilýän ýerine çenli äkitmegi we yzyna getirmegi öz üstüne alýar.
F.F. Martens adyndaky bäsleşik - halkara ynsanperwer hukugy boýunça özboluşly okuw-türgenleşik bäsleşigidir. Bu bäsleşige adam ömründe diňe bir gezek gatnaşyp bolýar. Ýaryş wagtynda talyplar modelirlenen, emma ýaragly jenjelleriň hakykata ýakyn ýagdaýlarynda halkara ynsanperwer hukugyny ulanmak başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Bäsleşik barada jikme-jik maglumatlary şu ýerden alyp bilersiňiz.