Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» martketpleýsinde sowgat bilen hödürlenýän «Samsung Galaxy S25» telefonyny öňünden sargyt etmek başlandy

10:2224.01.2025
0
16660

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Samsung Galaxy S25» smartfonlarynyň satuwa çykarylmagynyň öň ýanynda, «Gerekli» marketpleýsi özboluşly sowgatlary bolan öňünden sargytlary kabul ediş aksiýasyny geçirýär. 20-nji fewrala çenli bu smartfonlardan sargyt etseňiz, internet dükany size onuň ýany bilen «Galaxy Buds3» ýa-da «Galaxy Buds3 Pro» nauşniklerini, şeýle hem «Samsungyň» original çeholyny sowgat berýär.

Bu flagman üç modelde hödürlenýär:

«Galaxy S25» (128 GB, 256 GB we 512 GB). Diagonaly 6.2

«Galaxy S25 +» (256 GB, 512 GB). Diagonaly 6.7

«Galaxy S25 Ultra» (256 GB, 512 GB we 1 TB). Diagonaly 6.9

Öňünden sargyt etmegiň şertleri:

- sargyt etmek üçin ilki enjamyň bahasynyň 20%-ini tölemeli.

- bir pasport bilen diňe bir smartfony sargyt edip bolýar.

Sowgatlaryň sanynyň çäkli bolandygy üçin, aksiýa görkezilen seneden öň hem tamamlanyp biler.

Bu sargydy gerekli.tm web saýtynda ýa-da marketpleýsiň mobil goşundysy arkaly (Google Play, App Store) resmileşdirip bilersiňiz.

Täze «Samsung» flagmanynyň ilkinji eýelerinden biri bolmak mümkinçiligini elden bermäň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň