22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda «Gujranwala işewürlik merkezi» döwlet guramasynyň başlygy Ahmad Ikram Lonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Ilçihananyň berýän habaryna görä, «Gujranwala işewürlik merkeziniň» wekilleri Gujranwalanyň Pakistanda çalt ösýän üçünji uly senagat sebitidigini aýtdylar we türkmen işewür toparlary bilen yzygiderli aragatnaşyk gurmaga gyzyklanma bildirdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy myhmanlara häzirkizaman tehnologiýalaryny we bazar mehanizmlerini giňden ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek syýasaty babatda gürrüň berdi. Hususy telekeçiligi goldamak we içerki harytlaryň eksportynyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň hökümetiniň progressiw, sosial ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Pakistanly telekeçiler ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini has-da giňeltmek we artdyrmak üçin türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar Aşgabatda pakistan önümleriniň sergisini guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, onuň iki ýurduň öndürijileridir alyjylary üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklary guramak, önümler we işewürlik barada pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança boljakdygyny nygtadylar.
Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.