Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi, Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti bilen strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlediler.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň migrantlar, bosgunlar weraýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berjekdigini belledi. Biz ýurdumyzyň apatridler we bosgunlar bilen işlemek ugrunda toplan tejribesini sebitiň beýleki döwletlerinde hem ulanmaga garamagy teklip edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
4. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň güwäsidigini belledi.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Serdar Berdimuhamedow ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
6. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona hat ýollady we onda 19-20-nji ýanwarda Monakoda saparda bolmagyndan soňra ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtlaryň arasyndaky dialogyň netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Dünýäde
7. Şazada Garri telefon gepleşiklerini diňlemek meselesi boýunça Rupert Merdokyň media korporasiýasy bilen parahatçylykly ylalaşyk gazandy. Ilki bilen patyşalyk maşgalasynyň wekili dawany kazyýete geçirmegi meýilleşdirýärdi, ýöne taraplar diňlenişik başlamazdan ozal ylalaşyk gazandylar. «News Group Newspapers» diňe bir uly möçberde pul öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, şazadanyň şahsy durmuşyna goşulandygy üçin resmi taýdan ötünç soramaga-da razy boldy. Kompaniýa «The Sun» neşiriniň žurnalistleriniň şahsy maglumatlaryň bikanun ýygnalmagyny öz içine alýan hereketleriniň hukuk taýdan nädogrudygyny boýun aldy
8. Dawosda geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynyň açylyş dabarasynda haýyr-sahawat ulgamynda gazanylan üstünlikler we jemgyýetçilik başlangyçlary üçin «Crystal Awards» baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Öňki iňlis futbolçysy we ÝUNISEF-iň meýletin ilçisi Dewid Bekhem dünýä derejesinde çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça köpden bäri alyp baran işleri üçin sylaglandy.
Sport täzelikleri
9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew «Energetik-BGU» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Žodinonyň «Torpedo-BelAZ» toparynyň başlangyç düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Duşuşyk «Torpedo-BelAZ-yň» 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. 24 ýaşly futbolçynyň Žodinonyň klubynda synagdan geçýändigi barada ozal habar berlipdi. «Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, Çaryýewiň transfer bahasy 300 müň ýewro deň.
10. Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň tamamlanmagyna bir aýlaw galanda on sekiz klub pleý-off oýunlaryna gatnaşmak hukugyny kepillendirdiler. Birinjiden sekizinjä çenli orunlary eýelän toparlar göni 1/8 finala çykarlar, ýene 16 topar pleý-off tapgyrynda garşylykly duşuşyklary geçirerler. Bu tapgyryň ýeňijileri 1/8 finala çykarlar, ýeňilenler bolsa Ýewropa ligasynda möwsümi dowam etdirerler. Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň sekizinji we jemleýji aýlawynyň ähli 18 oýny hem 29-njy ýanwardan 30-njy ýanwara geçilýän gijede geçiriler we bir wagtyň özünde, Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.