Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilimli ädim: halkara bilim boýunça hünärmenler tarapyndan maslahat we kömek

15:4523.01.2025
0
29791

“Bilimli ädim” hojalyk jemgyýeti daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin dalaşgärlere toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär:

- Doly ýoldaşlyk etmek: dogry hasaba alyşdan başlap, ähli zerur resminamalary resmileşdirmäge çenli.

- Hyjuwlandyrmak hatyny taýýarlamak: hünärmenler tarapyndan düzülen hyjuwlandyrmak haty kabul edilmek mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýar.

- Söhbetdeşlige taýýarlyk: kompaniýanyň hünärmenleri mümkin bolan soraglara jogap bermäge we söhbetdeşlikden üstünlikli geçmäge kömek ederler.

- Wiza goldawy: kompaniýa wiza resmileşdirmekde, uçuş peteklerini bron etmekde we umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşmekde kömek edýär.

- Ähli tapgyrlarda ýoldaşlyk etmek: “Bilimli ädim”-iň işgärleri, talyplary hemişe goldamaga we täze okuw gurşawyna uýgunlaşmagyna kömek etmäge taýýar.

“Bilimli ädim” Hytaý, Malaýziýa, Indoneziýa, Gruziýa, Russiýa, Türkiýe, Awstriýa, Rumyniýa, Belarus, Germaniýa, Çehiýa, Gazagystan we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýedir. Bu kompaniýa müşderilerine bilim maksatnamalarynyň giň saýlawyny hödürlemäge we her bir dalaşgär üçin iň amatly okuw görnüşini tapmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, geçen ýyl 2400-den gowrak dalaşgär we olaryň ene-atalary “Bilimli ädim”-e geljekki hünärini saýlamakda we daşary ýurt ýokary okuw jaýyny tapmakda kömek sorap ýüz tutdylar.

“Bilimli ädim”-iň şahamçalary Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde ýerleşýär, bu bolsa kompaniýanyň hyzmatlaryny her bir adam üçin elýeterli edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Aşgabat şäheri (+993 64) 52 94 85;
  • Balkanabat şäheri (+993 63) 08 07 66;
  • Türkmenbaşy şäheri (+993 71) 33 53 92;
  • Mary şäheri (+993 71) 33 53 28;
  • Daşoguz şäheri (+993 62) 31 05 54;
  • Köneürgenç şäheri (+993 62) 31 08 63.

Sosial ulgam sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň