Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hormatyna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
«Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly bäsleşik Türkmenistanda geçirilýän taryhy özgertmeleri wasp etmek, ýagny ýurduň garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýyllaryndaky gazananlaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen gurnaldy.
Bäsleşige welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde ýaşaýan, döredijilik bilen meşgullanýan we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňiji bolmadyk raýatlar gatnaşyp biler.
Bäsleşige hödürlenýän goşgular we makalalar Döwlet baştutanymyzyň ýurt, sebit we dünýä bähbitli alyp barýan giň gerimli işleriniň ähmiýetini, Türkmenistanyň 30 ýyllyk hemişelik Bitaraplygynyň esasy üstünliklerini we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurt üçin ähmiýetini açyp görkezmelidir.
Bäsleşigiň jemleri şu ýylyň dekabr aýynda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda jemlener.