Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, 1974-nji ýylda esaslandyrylan festiwal dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, tutuş dünýäde zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilýär. Artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler. Türkmenistanyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy ýurtda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen ýurtda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi hem-de 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.
“Galkynyş” toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň tagallasy bilen döredildi.
Ýurduň sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda Baş baýraklara mynasyp boldy. Bu toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy.
Monakonyň Monte-Karlo şäherinde indi 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
“Türkmen milli at üstündäki oýunlary” diýen çykyş ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, atlylaryň sazlaşykly hereketleri, bedewleriň aýlaw boýunça hereketiniň tizligi, iň çylşyrymly tilsimleriň ýerine ýetirilişiniň ýokary derejesi tomaşaçylarda uly täsirleri galdyrdy. “Galkynyş” toparynyň agzalary ajaýyp çykyşlary bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarynyň ýyndamlygy, çeýeligi bu ýere ýygnanan sirk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.