«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek babatda hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Gurama eksport-import amallaryny goldamaga ýöriteleşip, bu ugurda islendik meseleleriň çözgüdini tapmakda professional derejedäki çemeleşmäni kepillendirýär.
«Gümrük taýdan resmileşdirmek bilen bagly maslahat beriş hyzmatlaryndan başlap, bu işiň ähli tapgyrlarynda ýükleriň daşalmagynda ýardam etmäge çenli hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýäris» diýip «Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasynyň wekili belleýär.
Kompaniýanyň hünärmenleri şulary üpjün edýärler:
• resminamalaryň dolulygyna taýýarlanylmagy;
• harytlaryň deklarirlenmegi;
• gümrük tölegleriniň hasaplanylmagy;
• ýükleriň daşalmagyny guramak;
• ýükleriň ätiýaçlandyrylyşy;
• harytlaryň sertifikasiýasy;
• gümrük meseleleri boýunça maslahat beriş hyzmatlary.
Müşderiler ýokary derejeli maslahatlary almak we gümrük hyzmatlaryny sargyt etmek üçin kompaniýanyň Mary şäherinde ýerleşýän «Ojar Aziýa» binasynyň birinji gatyndaky ofisine ýüz tutup bilerler: Bagtyýarlyk köçesiniň 52A jaýy.
Telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: