Türkiýäniň Kartalgaýa daglyk şypahana zolagynda ýerleşýän myhmanhanada ýangyn döräp, 66 adam pida boldy, 51 adam ejir çekdi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygy Ali Ýerlikaýa salgylanýan «Hürriyet» gazeti habar berdi.
Ýangyn «Grand Kartal» otelinde sişenbä geçilýän gijede boldy. Ýangyn dörände, myhmanhanada 238 adam bar ekeni. Olaryň köpüsi düşek ýapynjalaryndan ýüp edip, ýanýan myhmanhanadan çykmakçy bolupdyrlar.
Ýangyn söndürijiler takmynan 40-45 minut soň gelipdirler. Emma bina agaçdan bolansoň, ot tutuş myhmanhanany eýeläpdir.
Ýangynyň sebäpleri derňelýär.