Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanda maýmyn mamaly ilkinji hassa ýüze çykaryldy

10:0220.01.2025
0
10010
Azerbaýjanda maýmyn mamaly ilkinji hassa ýüze çykaryldy
Surat: gazeta.ru

Azerbaýjanda maýmyn mamasy keseli ýokuşan ilkinji hassa ýüze çykaryldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «Interfaks» habar berdi.

Şu ýylyň 2-11-nji ýanwarynda azerbaýjanly erkek kişi daşary ýurtda bolupdyr, dolanyp gelende ol ysgynsyzlyk, gyzgynyň galmagy, bogun çişmesi we bogun agyrysy, örgün sebäpli Baku şäheriniň hassahanalarynyň birine ýüz tutupdyr. Lukmançylyk barlagy wagtynda onda maýmyn mamasynyň bardygy anyklanypdyr.

Maýmyn mamasynyň «Clade Ib» görnüşi tomusda Kongo Demokratik Respublikasynda möwjedi. Geçen güýzde keseliň agyr görnüşi Beýik Britaniýada, Hindistanda, ABŞ-da, Germaniýada we beýleki ýurtlarda hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň