Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:4418.01.2025
0
21250

Aşgabatdaky asma ýoluny düýpli abatlamak işleri geçiriler, 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinator kabul edijekleriñ sany tassyklandy, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipä bellendi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda ýerleşýän asma ýolunyň binalarynda we desgalarynda, şeýle hem ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada "Röwşen" hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, düýpli abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

5. 23 – 27-nji fewralda Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürler maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar

6. Türkmenistan 2025-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklibi bilen çykyş etdi.

Dünýäde

7. Beýik Britaniýa iri maýa eýeleriniň görlüp-eşidilmedik ýitgisini başdan geçirýär. Bilermenler dollar millionerleriniň her 45 minutda biriniň ýurtdan çykýandygyny çaklaýarlar. Baý britaniýalylaryň göçüp gidýän esasy ýerleri Birleşen Arap Emirlikleri, Ýewropa ýurtlary, esasanam Italiýa we Şweýsariýa. Bilermenler muny hökümetiň gazna salgyt girdejilerini 40 milliard funt sterling artdyrmak meýilnamasy bilen baglanyşdyrýarlar.

8. Kanadaly fotosuratçy Stiwen Haýning we model Siara Antoski taryhdaky iň çuň suwasty fotosessiýa bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Özboluşly fotosessiýa Floridanyň kenarynyň golaýynda 50 metr çuňlukda, gark bolan "Hydro Atlantic" gämisinde geçirildi. Gark bolan gäminiň golaýynda ýerleşýän ýeri saýlamak suratlara aýratyn çeperçilik we drama öwüşginini berdi.

Sport täzelikleri

9. Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda Kuweýtiň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňdi. Oýun «C» toparçasynyň ähli oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan Daşkentde boldy.

10. UFC-niň baş direktory Deýna Waýt Islam Mahaçewe garşy söweşde russiýaly söweşiji Arman Sarukýanyň ýerine braziliýaly Renato Moýkanonyň çykjakdygyny aýtdy. UFC 311 ýaryşy 19-njy ýanwara geçilýän gije Los-Anjelesde geçiriler. Ýeňil agram derejesinde häzirki çempion Mahaçew bilen Sarukýanyň arasyndaky söweş agşamyň esasy wakasy bolmalydy. Sarukýan arkasyndan alan şikesi sebäpli söweşden çekilmäge mejbur boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň