Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen» Türkmenistanda döwrebap penjire we gapy önümlerini hödürleýär

11:4118.01.2025
0
28189

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ýokary hilli plastik we alýuminiý önümlerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýa hökmünde giňden tanalýar. Kompaniýa ýaşaýyş jaý we işewürlik maksatly desgalar üçin penjireleri, gapylary hem-de dürli görnüşdäki perila we panjurlary, duş kabinalary öndürmäge we gurnamaga ýöriteleşendir.

Kompaniýanyň önümçilik kuwwatlylygy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu bolsa innowasion tehnologiýalar bilen sazlaşykly öndürilen önümleriň ýokary hilli bolmagyna mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň düzüminde kesgitlenen önümçilik standartlaryna berk eýerýän köp ýyllyk tejribesi bolan ökde hünärmenler zähmet çekýär.

«Maksatly Türkmen» öz müşderilerine poliwinilhloritden (PWH), alýuminden we taplanan aýnadan taýýarlanylýan ýokary hilli önümleri, şol sanda penjireleriň, gapylaryň, witražlaryň we duş kabinalarynyň köpdürli görnüşlerini ýetirýär. Kompaniýa müşderiniň isleglerini we maddy ýagdaýyny göz öňünde tutup, islendik talaba görä standart, şeýle hem özbaşdak sargytlary ýerine ýetirýär. Professional menejerler müşderilere interýer üçin iň laýyk boljak çözgütleri saýlamaga kömek edýärler.

Kompaniýanyň artykmaçlyklary — tölegsiz ölçäp bermegi, sargytlary tiz ýerine ýetirmegi, hil kepilligini hem-de ýokary hilli gurnamany öz içine alýar.


Bu önümler bilen kompaniýanyň turkmenglass.com salgyly resmi web saýtyndan ýa-da Aşgabatda şu salgyda ýerleşýän ofislerine baryp tanşyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý.

Önümçilik sehi TSTB-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Senagat zolagynda, Zergär köçesiniň 20-nji jaýynda ýerleşýär.

Telefon belgileri: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53,59 53 33.

Fotoreportaž: Öýüňiziň gelşigini "Maksatly Türkmen" penjireleri bilen üýtgediň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň