Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi.
Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.