Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Koreýany öwreniş akademiýasynyň okuwlaryna çagyrylýar

12:4217.01.2025
0
20976

Türkmenistanyň talyplary 2025-nji ýylda Koreýany öwreniş akademiýasynyň koreý medeniýetiniň okuw-kurslaryna gatnaşmaga çagyrylýar. Gatnaşyjylary kabul etmek baradaky bildiriş Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda çap edildi.

Koreýany öwreniş akademiýasynyň maksatnamasy daşary ýurtly talyplar üçin koreý dilini öwrenmäge we Koreýanyň medeniýeti bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Maksatnamanyň maksady geljekki Koreýany öwrenmek boýunça alym-barlagçylary taýýarlamakdyr.

Maksatnama koreý halkynyň medeniýeti bilen baglanyşykly ýörite tematiki leksiýalardan, koreý dili okuw-kurslaryndan, adaty koreý däp-dessurlaryny öwrenmekden we medeni ýadygärliklere gezelençlerden ybaratdyr.

Okuw-kurslaryna Koreýany öwreniş (goşmaça hünär goşmak bilen) ugry boýunça ýokary bilim alýan 2-nji okuw ýylyndan ýokary bakalawriat talyplary ýa-da Koreýa boýunça degişli okuwlary tamamlan talyplar gatnaşyp bilerler.

Eger-de ýokary okuw mekdebinde Koreýany öwreniş ugry ýa-da okuwlary ýok bolsa, koreý dili okuw-kursyny tamamlandygy baradaky şahadatnama bilen çalşyryp bolar.

Gyzyklanma bildirenler doly maglumaty internetden şu ýere girip, tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň