Finlýandiýanyň ykjam telefonlary öndüriji «Nokia» kompaniýasy öz brendi astynda smartfonlary öndürmegi bes etdi. Muňa «Apple» we «Samsung» ýaly pudagyň öňdebaryjylary bilen bäsdeşligiň ýokarylygy sebäp boldy diýip, «rg.ru» habar berýär.
2017-nji ýyldan bäri bu nyşan astynda tehnikalary öndürmäge hukugyň eýesi bolan «HMD Global» kompaniýasy özüniň saýtyndan «Nokia» ýarlykly eltelefonlaryň we planşetleriň ähli kysymlaryny aýyrdy.
Munuň sebäbi birwagt meşhur bolan brendiň abraýyny dikeltmek synanyşygy şowsuz tamamlandy. Soňky ýyllarda kompaniýa täze öňdebaryjy nusgalary öndürmekde möhüm innowasiýalary gazanmak başartmady.
«Nokianyň» önümçilikden ýüz öwürmegini hünärmenler «onuň eýýamynyň tamamlanmagy» diýip häsiýetlendirdiler. «Apple» 2007-nji ýylda ilkinji «iPhone» kysymly smartfonyny öndüreninden soňra «Nokia» bazarda öňdeligini elden giderdi. 2013-nji ýylda kompaniýany 5,4 mlrd dollara «Microsoft», soňra 350 mln dollara «HMD Global» satyn aldy.
2024-nji ýylda «Nokianyň» işini täzeden guramak ugrunda synanyşyk şowsuz tamamlandy.