Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Merkezi Aziýanyň jemi içerki önüminiň 95 göterimini emele getirýär. Bu barada Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB) «Makroykdysady çaklama 2025 — 2027» hasabatynda beýan edildi diýip, «nCa» ýazýar.
2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 500 milliard dollardan geçip biler. ÝÖB-iň hasaplamalaryna görä, bu görkeziji 10 göterimden gowrak artar we 519 milliard dollara ýeter.
Hasabatda soňky iki ýylda daşarky kynçylyklara garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösýändigi bellenilýär.
Merkezi Aziýanyň ilaty 80 million adama ýetdi, sebitde ilatyň sany 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,7 göterim we soňky 24 ýylda 1,4 esse köpeldi.
Bank Ýewraziýa giňişliginde Merkezi Aziýanyň barha artýan strategiki roluny çaklaýar. Hasabatda: «Sebitdäki ýurtlaryň üstaşyr ýagdaýy, täze döreýän halkara ulag geçelgelerine goşulyşmagy daşary ýurt bazarlaryna girmek we ykdysadyýeti kuwwatlandyrmak üçin mümkinçilikdir» diýilýär.