14-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Taraplar halkara guramalaryň we «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň meýdançasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine ynam bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.