«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» wagtlaýyn görnüşde hünärmen-terjimeçi üçin boş iş ornunyň bardygyny etdi. Kompaniýa degişli başarnyklary we iş tejribesi bolan ussat dalaşgärleri işe çagyrýar.
Işe girmäge dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
Bilim: Lingwistika ugry boýunça ýokary bilim;
Iş tejribesi: Ýazmaça we dilden terjimeçilik boýunça azyndan üç ýyl iş tejribesi;
Bilmeli dilleri: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmek;
Başarnyklary: «MS Office» programmasynda işläp bilmek.
Iş ýeri: Gyýanly
Dalaşgärler işe girmek üçin arzalaryny Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän kompaniýanyň edarasyna baryp tabşyryp bilerler.
Şeýle-de arzalar elektron görnüşde hem kabul edilýär. Iberilmeli salgy: recruitment.tm@petronas.com.my.
Resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap iki hepdäniň dowamynda kabul edilýär. Bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.