Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti 6-8 ýanwar aralygynda Dubaýda (BAE) iş saparynda boldy.
Sapar 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabide gol çekilen gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara kömek bermek hakyndaky ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy — diýip, gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň Federal gümrük müdirliginiň işi we Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça iş tejribesi bilen tanyşdy. Duşuşykda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça hyzmatdaşlygyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň degişli edarasy bu ugurda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hereket etmek meýilnamasyny teklip etdi.
Dubaýyň gümrügi türkmen kärdeşleri üçin Jebel Ali deňiz portuna we Dubaýyň Gümrük akademiýasyna tanyşdyryş saparlaryny guradylar.
Jebel Ali portunda ulag serişdelerini radioaktiw skanirlemegiň innowasion ulgamy bilen tanyşdylar. Bu ulgamyň üsti bilen gözden geçirmeler geçirilýär, ýük ulaglary we konteýnerler barlanýar. Ýokary geçirijilik ukyby sebäpli harytlara we azyk önümlerine zyýan ýetirmezden, olaryň içindäki harytlardyr önümler doly barlanýar, şol bir wagtyň özünde gadagan edilen goşundylar ýüze çykarylýar. Ulgam sagatda 8-15 km tizlik bilen hereket edýän 150 sany ýük ulagyny skanirläp bilýär.
Dubaýyň Gümrük akademiýasyna barlanda gümrük işini öwretmegiň innowasion usullary, hususan-da, wirtual hakykatda okuw usuly öwrenildi — diýip, saýtda bellenýär.