Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň muzeý işgärleri 2025-nji ýylda gymmatly eksponatlary toplamak üçin ýerlerde iş saparlarynda bolar

10:4111.01.2025
0
4280

Wise-premýer M.Mämmedowa 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetiň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy bar. Şunuň bilen baglylykda, muzeýleriň muzeý gaznasynyň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklaryny toplamak boýunça şu ýylda hem hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, türkmen halkynyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere ýurtda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň