2025-nji ýylda Gazagystan üç döwlet bilen - Türkmenistan, Özbegistan we Hytaý bilen serhetdäki dokuz awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
«Gazagystanda awtoulag geçiriş nokatlarynyň giňişleýin döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär. Häzirki wagtda Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki jemi 9 sany gözegçilik-geçiriş nokady täzelendi» - diýip, habarda bellenilýär.
Ýurduň ministrler kabineti tarapyndan berilýän maglumatlara görä, meýilleşdirilen işleriň çäklerinde gije-gündizde geçiriş kuwwatynyň 6 esse, ortaça 170-den 960 ulag serişdesine çenli artmagy, şeýle hem serhetden geçiş wagtyny 30 minuda çenli gysgaltmak göz öňünde tutulýar.