Häzirki wagtda Türkmenistanyň gaz senagaty ýangyç-energetika toplumynyň esasyny düzýär we senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan köpüsini eýeleýär. Önümçilik prosesiniň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen täze ýataklary gözlemek, barlamak we özleşdirmek boýunça işler işjeň alnyp barylýar.
Global metan borçnamasyna (GMP) goşulyp we dünýä gaz senagatynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, zyňyndylary ölçemekde halkara tehnologik innowasiýalaryň tejribesini, şeýle hem sanly serişdeleri we hasaplaýyş hyzmatlaryny özünde ornaşdyryp, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejedäki ösüşine ýetmegi maksat edinýär. Bu barada TDH agentliginiň synynda habar berilýär.
Şeýlelikde, aýratyn ähmiýet berilýän ägirt uly «Galkynyş» ýatagynda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy, bu bolsa atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen MARS sanly platformasynyň işine gönüden-göni gatnaşmaga uly ähmiýet berýär.
Energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözüp bilýän nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, ylmy kuwwatyň artdyrylmagyna, toplumy ösdürmekde ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň ornuna aýratyn üns berilýär.