ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp Grenlandiýa adasyny satyn almak üçin ykdysady ýa-da diplomatik çäreleri ulanmakçy diýip, «Reuters» habarlar agentligine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Habarda Trampyň adany satyn almak üçin Daniýa bilen diplomatik ýa-da ykdysady işi alyp barmakçydygy bellenýär.
Täze saýlanan döwlet Baştutanyna golaý çeşmeleriň biri onuň daşky syýasatda ileri tutýan ugurlarynyň biriniň Grenlandiýany satyn almakdan ybaratdygyny nygtady.
Öň Tramp Grenlandiýanyň Waşingtonyň gözegçiligine geçmeginiň ýurduň milli howpsuzlygy üçin möhümdigini aýdypdy. Muňa jogap hökmünde Grenlandiýanyň Premýer-ministri Mute Egede adanyň hiç haçan Birleşen Ştatlara satylmajakdygyny beýan edip, «Grenlandiýa – biziňki» diýdi.