Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Marokkoda 50 ýyldan soňra gar ýagdy

11:1503.01.2025
0
21080

Marokkoda ýarym asyrdan soňra ilkinji gar ýagdy. Bu barada ýerli «Maghreb Arabe Press» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazdy.

Ýurduň Milli meteorologiýa merkezi adaty bolmadyk howa şertlerini Demirgazyk Ýewropadan aralaşan sowuk howa akymy bilen baglanyşdyrdy.

Gar ýurduň günorta we günorta-gündogaryndaky Beni-Mellal, Ifran, Midelt, Tarudant, Tingir, Warzazat we Al-Hawz ülkelerini basdy. Käbir etraplarda garyň galyňlygy 35-40 santimetre ýetdi. Daglyk etraplarda howanyň temperaturasy -5 ℃ deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň