Ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak tagamlary dadyrmak bilen, olary haýran galdyrmak isleýärsiňizmi? Onda «Katmer» kafesi sizi ajaýyp türk desertleriniň dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Bu ýerde oňaýly atmosferada adaty reseptlere laýyklykda taýýarlanylan süýjülikleriň iň giň görnüşlerinden lezzet alyp bilersiňiz.
«Katmeriň» menýusynda siz tanyş tagamlar bilen birlikde, özboluşly täze zatlary hem tapyp bilersiňiz.
«Biz öz myhmanlarymyza türk aşhanasynyň datly tagamlaryny ähli reňkdarlygy bilen ýetirmäge çalyşýarys» diýip, «Katmer» kafesiniň wekili belleýär.
Göwün söýen süýjülikleriňizi diňe bir kafeniň özüne baryp däl-de, eýsem Aşgabat şäheriniň çägine eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak arkaly hem sargyt edip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa);
- telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.