Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl filmleriniň ikisi taýýarlanyldy

10:5602.01.2025
0
19379
«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl filmleriniň ikisi taýýarlanyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl filmleriniň ikisi taýýarlanyldy. Ýatdan çykmajak, ýakymlydan täsirli durmuş pursatlaryny, gülküli wakalary özünde jemleýän şol filmler maşgala baýramçylygy hasaplanylýan Täze ýylyň bellenilýän günlerinde türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze filmleriň biri «Aşyk men» diýlip atlandyrylyp, ol Rüstem Mämmedowyň režissýorlygynda surata düşürildi. Filmiň wakalary Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär. Onda, esasan, ýaşlyk, söýgi temalaryndan söz açylýar. Gülküli wakalary, ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar bolsa filme özboluşly bezeg berip, onuň ýatda galyjylygyny, täsirliligini has artdyrýar.

Türkmenistanyň halk artistleri Parahat Amandurdyýew, Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eldar Ahmedow, Rüstem Hallyýew ýaly belli estrada ýyldyzlaryny-da bu filmde görmek bolýar. Şeýle-de Hojadurdy Ýegendurdyýew, Geldi Myratnazarow, Rahat Baýramow (Garly kaka), Atajan Bekiýew ýaly sungat ussatlary onda keşpleri janlandyrýarlar. Filmde gülküli keşpleri ýerine ýetirip, tomaşaçyda mylaýym ýylgyryş döredýän täze zehinler hem bar. Onuň mazmunynda wakalar Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde täze filmiň surata düşürilişi bilen baglylykda ýaýbaňlanýar.

«Bagt näme?». Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli surata düşürilen ikinji bir film, ine, şeýle atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy we kinorežissýor Guwanç Nazarowyň gürrüň berşi ýaly, gysga metražly bu filmde-de ýaşlyk, söýgi temalaryna ýüzlenilipdir.

Onuň baş gahrymany Şahyr atly ýigit çeper döredijilik bilen meşgullanýar. Filmdäki wakalar Şahyryň talyplyk döwründe öz topardaşy Selbä aşyk bolşy, emma ýygralygy zerarly oňa öz söýgüsini aýdyp bilmän kösenişi bilen baglylykda ýaýbaňlanýar. Baýmyrat Musaýewiň ýazan edebi esasyna laýyklykda surata düşürilen filmde çagalar, Täze ýyl şatlygy, gülküli keşpler bilen bagly wakalara-da orun berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň