Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Beýan edilişi ýaly, özbek Lideri gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:
"Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze, 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Tamamlanyp barýan ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigini we hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellemek isleýärin.
Täze ýylda bilelikdäki tagallalarymyz, ýokary derejedäki özara saparlarymyz netijesinde, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak, hormat goýmak hem-de birek-biregi goldamak ruhunda ösdürilýän gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin".