Aşgabatda Şweýsariýanyň meşhur «Ulysse Nardin» sagat brendiniň täze kolleksiýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dükan goşar sagatlaryna uly ähmiýet berýänleri 175 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur öndürijiniň soňky döredijilik täzeçillikleri bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar.
Dükana gelýänler Şweýsariýada sagat ýasamagyň däbe öwrülen, uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän önümçiliginiň beýany bolan täze modelleriň ýokary hiline we kaşaň dizaýnyna baha berip bilerler. Kolleksiýadaky her bir eser «Ulysse Nardin» brendini 1846-njy ýylda döredilen mahalyndan bäri bütin dünýäde meşhurlyga ýetiren innowasiýa tehnologiýasynyň hem-de nusgawy stiliň özboluşly utgaşmasyny şöhlelendirýär.
Giňden tanalýan önümçilik dünýäniň 50-den gowrak floty tarapyndan ulanylýan deňiz hronometrlerini döretmek bilen dünýäde uly ada eýe boldy. Ýüz ýylyň dowamynda Neuşatel Astronomiýa obserwatoriýasynda synag edilen ähli deňiz hronometrleriniň 77%-i «Ulysse Nardin» tarapyndan öndürilendir.
Häzirki wagtda bu brend rewolýusion çözgütleri bilen sagat önümçiliginiň dünýäsinde geň galdyrmagyny dowam etdirýär. 2001-nji ýyldaky original «Freak» sagadyndan ylham alnyp, 2023-nji ýylda döredilen «Freak ONE» sagady Ženewada geçirilen sagat sungatynyň Gran-Prisinde «Kult sagatlar» ugry boýunça abraýly baýraga mynasyp boldy.
Täze kolleksiýadaky sagatlardan satyn almak isleýänler Alyşir Nowaýy köçesiniň 100-nji jaýynda ýerleşýän «Altyn Zaman» söwda merkeziniň ikinji gatyndaky brendiň dükanynyň geňeşçi-hünärmenlerine ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin:
- elektron poçtasy: altynzaman.tkm@gmail.com;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Fotoreportaž: "Ulysse Nardin" şweýsar sagat markasynyň çäklendirilen kolleksiýasy eýýäm Aşgabatda elýeterli